Maltada 5 ýyl sürüjilik hukugyndan el çekene 25 müň ýewro tölener

20.03.2026, 19:224,910
1 / 2

Maltanyň häkimiýetleri öz islegi bilen sürüjilik şahadatnamasyndan 5 ýyl el çekip biljek sürüjilere 25 müň ýewro möçberinde pul sylagyny hödürleýärler. Olar şeýle etmek bilen, ýollardaky dyknyşyklary azaldyp, ekologiýanyň ýagdaýyny gowulandyrmak isleýärler.

Teklibi kabul eden gatnaşyjylara her ýyl 5 müň ýewro berler. Eger sürüji 5 ýyl dolmanka resminamasyny yzyna almagy ýüregine düwse, galan wagt üçin tölenen puly yzyna gaýtarmaly bolar.

30 ýaşdan uly, azyndan 7 ýyllap Maltada ýaşaýan we soňky 12 aýyň dowamynda hereket edýän sürüjilik şahadatnamasy bolan adamlaryň hemmesiniň 25 müň ýewro almak üçin synanyşyp görmäge haky bar. Ýogsa-da, sürüjide öň agyr düzgün bozulmalarynyň bolmazlygy-da hökmanydyr.

5 ýyldan soň sürüjilik şahadatnamasyny täzeden dikeltmek isleýän sürüji awto mekdepde azyndan 15 sagatlyk okuwy täzeden geçmeli bolar.

Häkimiýetler bu maksatnama üçin jemi 5 million ýewro bölüp berdiler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.