Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy eýranly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

24.03.2026, 06:5512,263

23-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Abbas Arakçi bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Söhbetdeşligiň başynda taraplar Nowruz baýramy mynasybetli birek-biregi gutlap, iki ýurduň halklaryna rowaçlyk we abadançylyk arzuwlaryny beýan etdi.

Abbas Arakçi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan Eýranyň çagalary üçin iberilen ynsanperwer kömegi üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Eýranly diplomat bu hoşniýetli we ynsanperwer goldawyň ähmiýetini aýratyn belledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.