Alymlar Italiýada gladiatora degişli bolmagy örän mümkin aramgähi tapdylar

26.03.2026, 11:055,912

Arheologlar Italiýanyň günortasynda gladiatorlaryň söweş pursatlary çekilen gadymy rim ýadygärlik guburynyň galyndylaryny tapdylar. Olaryň çaky boýunça gubur biziň eýýamymyzyň I asyrynyň başlaryna degişli bolmaly. 

Täsin tapyndy Apolloza munisipalitetinde, belli Appiý ýolunyň golaýynda ýüze çykaryldy. Ýadygärlik ilki bir meýletinçiniň gözüne kaklyşdy. Sil joşgunyndan soň ýeriň üstüne çykan hek bölekleri göze ilmezçe-de däl eken. Olary gören batlaryna taryhyň ysyny duýan arheologlar ur-tut gazuw-agtaryş işini geçirýärler. 

Dykgatly barlanandan soňra hek daşlarynyň ini takmynan 12 metr bolan tegelek binanyň bölekleridigi belli bolýar. Söweşijileriň şekilleri çekilen 20-den gowrak daşyň bir gubur ýadygärliginde tapylmagy mydam bolup durýan hadysa-da däldir. Ýöne täsinlik munuň bilen hem gutarmaýar. Ondan soňra alymlar diwarlary suratlar bilen bezelen ýerasty otagyň girelgesiniň hem üstünden barýarlar. Şularyň özi-de guburyň öz wagtynda diýseň baý we kaşaň bezelendigini aňladýar.

Indi alymlar ýadygärlikde gladiator söweşleriniň şekillendirilmegi guburda ýerlenen adamyň il içindäki derejesi ýa-da onuň ömürboýy meşgullanan işi bilen baglydyr diýjek bolýarlar.

Edil häzir ýadygärligiň bölekleri Benewento şäherine äkidilip, şol ýerde başga-da birnäçe hünärmenler tarapyndan has içgin öwrenilýär. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.