Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy Koreýa Respublikasynyň täze ilçisiniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi

07.04.2026, 10:591,647
1 / 2

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 6-njy aprelde Koreýa Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Li Won-Jeden ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi diýip, Türkmenistanyň DIM-iniň saýty habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy we türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny tassyklady.

Diplomatlar syýasy özara gatnaşyklary ösdürmekde ýokary derejedäki duşuşyklaryň we gatnaşyklaryň tutýan ornuna aýratyn üns berdi. Parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň ähmiýeti bellenildi. 

Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady we iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirdi. Şeýle hem bilim, sport we medeniýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.