Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda täze döwrebap şäherçe gurlar

08.04.2026, 02:2415,019

Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze döwrebap şäherçäni gurmak barada Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Resminama «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, sebitleriň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen gol çekildi.

Karara laýyklykda, bu şäherçe 2026–2030-njy ýyllarda tapgyrlaýyn esasda gurlar. Gurluşyk we binagärlik ministrligine täze şäherçäniň baş meýilnamasyny üç aý möhletde işläp düzmek hem-de gurluşyk işlerine degişli gözegçiligi amala aşyrmak üçin desgalaryň direksiýasyny bellenen tertipde döretmek tabşyryldy. Bu başlangyç sebitiň durmuş-ykdysady düzümini has-da kämilleşdirmäge we ilat üçin döwrebap ýaşaýyş şertlerini döretmäge gönükdirilendir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.