Emir Teýmiriň 690 ýyllygyna altyn we kümüş teňňeler çykaryldy

18.04.2026, 10:383,982

Özbegistanyň Merkezi banky beýik serkerde Emir Teýmiriň doglan gününiň 690 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik teňňelerini we sowgatlyk toplumlaryny dolanşyga goýberdi.

Agramy 31,1 gram (1 troýa unsiýasy) bolan teňňeleriň ählisi iň ýokary – 999,9 probaly altyndan we kümüşden taýýarlandy.

Teňňeleriň ýüzünde Emir Teýmiriň (Teýmirleňiň) şekili ýerleşdirilen. Şeýle hem üç teňňeden ybarat bolan ýörite toplumlary-da satyn alyp bolýar.

Ýadygärlik altyn şaýlaryň bahasy 61,4 mln sum (takmynan $6 140), bankyň yzyna satyn alyş bahasy 57,3 mln sum ($5 730), kümüş teňňeleriňki 1,9 mln sum (takmynan $190), yzyna satyn alyş bahasy bolsa 0,9 mln sum ($90) diýlip kesgitlenildi.

Merkezi bankyň bellemegine görä, bu teňňeler diňe bir gymmat bahaly metal bolman, eýsem ýokary çeperçilik we kolleksiýa ähmiýetine hem eýedir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.