Türkmenistan BMG-niň ösüş üçin ylym we tehnologiýalar baradaky toparyna saýlandy

15.04.2026, 11:061,404

2026-njy ýylyň 8-nji aprelinde BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda Türkmenistan 2027-nji ýyldan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Guramanyň ösüş üçin ylym we tehnologiýalar baradaky toparynyň agzalygyna saýlandy.

Saýlawlar BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) kömekçi edaralarynyň mejlisiniň dowamynda akklamasiýa arkaly geçirildi. Kabul edilen çözgüde laýyklykda, Türkmenistan 2027-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 2030-njy ýylyň 31-nji dekabryna çenli Toparyň agzasynyň wezipelerini resmi taýdan ýerine ýetirer.

BMG-niň bu düzüm bölegindäki işler ýurda ylmy-tehnologik ösüş, innowasiýalary ornaşdyrmak we dünýä derejesinde durnukly ösüşi üpjün etmek ulgamynda halkara strategiýanyň kemala getirilmegine işjeň gatnaşmaga mümkinçilik berer. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.