Samsung «Galaxy Buds» gulaklyklary üçin konserwa bankalary görnüşindäki çehollary tanyşdyrdy

27.04.2026, 10:132,548
1 / 4

Samsung kompaniýasy Galaxy Buds gulaklyklarynyň zarýad beriji keýsleri üçin özboluşly gorag çehollarynyň seriýasyny çykardy. Olar iýmit önümleri salynýan bankalar görnüşinde dizaýn edildi.

Bu toplum dizaýnyň üç görnüşini öz içine alýar: «süýji mekgejöwen», «pomidor» we «pomidor sousyndaky sardinalar».

«Süýji mekgejöwen»

«pomidor»

«pomidor sousyndaky sardinalar»

Aksessuar esasy keýs üçin niýetlenen goşmaça çehol görnüşindedir. Gabyna salanyňdan soň enjamyň ölçegleri 62,7 × 62,6 × 34,5 mm çenli ulalýar we asyl zarýad beriji keýsiň agramyny iki esse artdyrýar.

Her bir çeholyň ýany bilen şol mowzuga degişli brelok hem berilýär. Täze önümiň bahasy 30 dollara deňdir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.