Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

08.06.2026, 07:4210,609
1 / 2

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud Arabystanynyň ABŞ-daky ilçihanasynyň resmi sahypasynda habar berildi.

​Bu karar Halkara futbol federasiýasynyň turnire geljek janköýerleriň sanynyň az bolaýmak ähtimallygy bilen bagly aladalarynyň täsirinde kabul edildi.

​«Futbol boýunça Dünýä çempionatyna sanaýmaly gün galdy. Şu mynasybetli Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy ABŞ-nda okaýan ýa-da ýaşaýan Saud Arabystanynyň ýygyndysynyň janköýerlerine mugt petekleri hödürleýär. Senden gatnaşmak, bizden bolsa petekler» diýlip, guramanyň habarynda bellenilýär.

​Mundialda Saud Arabystanynyň milli ýygyndysy «H» toparynda çykyş eder we ol ýerde Urugwaýyň, Ispaniýanyň hem-de Kabo-Werdeniň ýygyndy toparlaryna garşy oýnar.

​2026-njy ýylyň Dünýä çempionaty 11-nji iýun — 19-njy iýul aralygynda geçiriler. Duşuşyklar bir wagtda üç ýurtda — ABŞ-nda, Kanadada we Meksikada bolar. Turniriň oýunlaryna petekleriň bahasy 100 dollardan 6370 dollara çenli üýtgeýär.

​Öňümizdäki çempionat dünýä futbolunyň taryhynda 48 sany milli ýygyndynyň gatnaşmagynda geçiriljek ilkinji ýaryş bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.