Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

09.06.2026, 17:052,203

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e ýetdi. Bu bolsa, geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 1,3 göterim ýokarydyr.

Kompaniýa aýratyn hem «premium» (ýokary hilli) segmentinde pugta orun eýeleýär:

  • Bahasy 2500 dollardan gymmat bolan telewizorlaryň dünýä boýunça satuwynyň 53,4%-i Samsung-a degişlidir.
  • Bahasy 1500 dollardan gymmat bolan enjamlar kategoriýasynda bolsa, brendiň paýy 50,1%-i tutýar.

OLED-telewizorlar kompaniýanyň netijelerine uly goşant goşmagyny dowam edýär. Bir ýylyň dowamynda şeýle modelleriň satuwy 28,8% ösdi, kompaniýanyň bu segmentdäki paýy bolsa 40,1%-e ýetdi.

Golaýda bazara çykan hem bolsa, Samsung 2022-nji ýyldan bäri dünýä boýunça 5 milliondan gowrak OLED-telewizor satdy. Brendiň Demirgazyk Amerikadaky orny has-da görnetin bolup, bu ýerde OLED-telewizorlar bazaryndaky paýy 46,1%-e barabar boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.