Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

18.06.2026, 04:55907

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek boýunça ýokary wezipeli wekilleriň maslahatyna gatnaşdy.

Bu duşuşyga Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň wekilleri gatnaşdy.

Taraplar geljekde geçiriljek sammite görülýän taýýarlyk işleriniň gidişini gözden geçirdi, jemleýji resminalaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdy hem-de Merkezi Aziýa döwletleri bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň meseleleri boýunça pikir alyşdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.