Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

20.06.2026, 06:414,430
1 / 2

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam eden gepleşikleriň netijesinde ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek we özara alyşmak dabarasy boldy.

Iki ýurduň wekilleriniň arasynda özara alşylan resminamalar:

  • Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Malaýziýanyň Ylymlar akademiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy bilen Malaýziýanyň Ulag ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda howa gatnawlary hakynda Ylalaşyk;
  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda diplomatlary taýýarlamak we ylmy alyş-çalyş babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama.

Şeýle-de:

  • Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Tenaga milli uniwersitetiniň arasynda talyp alyş-çalşygy we mobillik maksatnamasy hakynda Ylalaşyga;
  • Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Tenaga milli uniwersitetiniň arasynda talyp alyş-çalşygy we mobillik maksatnamasy hakynda Ylalaşyga;
  • Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Tenaga milli uniwersitetiniň arasynda talyp alyş-çalşygy we mobillik maksatnamasy hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Gepleşikler tamamlanandan soňra Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi saparyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama gol çekdi. Bu resminamada taraplaryň ikitaraplaýyn, sebit hem-de halkara guramalaryň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklary tassyklanylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.