Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I Mariý halkara etnik kinofestiwalynyň ýeňijileriniň hataryna girdi. Filmde baş rollaryň birini ýerine ýetiren Çary Berdiýew iň gowy erkek keşbi üçin baýraga mynasyp boldy.
Bu kinoforum Russiýanyň halklarynyň agzybirligi ýylyna bagyşlanyp, dünýäniň dürli ýurtlaryndan kino pudagynyň wekillerini bir ýere jemledi. Bäsleşik we bäsleşikden daşary maksatnamalarda Russiýadan, GDA döwletlerinden, şeýle hem Aziýa we Ýewropa ýurtlaryndan 30-a golaý film görkezildi.
Režissýor Muzaffarhon Erkinowyň düşüren «Magtymguly Pyragy» filmi festiwalyň emin agzalary tarapyndan aýratyn bellenen ekran eserleriniň biri boldy.
Iň gowy çeper film üçin Gran-pri baýragyny Hytaýyň, Şweýsariýanyň, Malaýziýanyň we Kanadanyň kinematografiýaçylarynyň gatnaşmagynda döredilen, režissýor Lam Kan Çžaonyň «Günüň ýiti şöhle saçýan ýerinde» (Там, где солнце светит ярко) filmi gazandy.
Iň gowy režissýorlyk işi üçin baýragy bolsa režissýor Dastan Madalbekowyň gyrgyz kinematografiýasyna degişli «Ejeňiz bilen tans ediň» (Потанцуйте с мамой) filmine berildi.
Gysga metražly filmleriň bäsleşiginde režissýor Piýuş Thakuryň «Birinji film» atly hindi lentasy ýeňiji boldy.
Ýörite görkezilişleriň çäklerinde tomaşaçylara rus režissýory Andreý Zaýsewiň «Iti hasaba almasaň, bir ömürde iki adam» (Двое в одной жизни, не считая собаки) hem-de italýan režissýory Žani de Blasiniň «Tomsuň iň soňky hepdesi» atly filmleri tanyşdyryldy.
Mundan ozal, «Magtymguly Pyragy» we «Ejeňiz bilen tans ediň» filmleri ilkinji gezek geçirilen «Göwher kebelek» Açyk Ýewraziýa kinobaýragynyň gatnaşyjylarynyň hatarynda hem görkezilipdi.