Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

24.06.2026, 18:263,264
1 / 4

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle enjamlary ilkinji gezek hut öz brendiniň astynda çykarýar.

Источник: Meta*

Äýnekleriň hatarynda çarçuwanyň üç sany modeli bar: Meta Adventurer, Meta Fury we Kaýli Jenner bilen hyzmatdaşlykda döredilen Meta Glasses by Kylie (Starfire).

Источник: Meta*

«MacRumors» neşiriniň bellemegine görä, ilkinji iki modeliň bahasy 299 dollar, üçünjisiniňki bolsa 399 dollar bolar.

Источник: Meta*

Kompaniýa çarçuwalaryň we linzalaryň birnäçe reňk görnüşlerini hödürleýär, şeýle hem islege görä äýnege gözüň görşi üçin linzalary dakdyrmak bolýar. Äýnekler 3K durulygyndaky 12 Mp kamera, alty sany mikrofon hem-de emeli aň funksiýalarynyň işlemegi üçin Muse Spark modeli bilen üpjün edildi, ýöne displeý ýok. Äýnegiň awtonom iş wagty bolsa sekiz sagada ýetýär.

«Bloomberg-iň» ýazmagyna görä, kompaniýa geljekde diňe jaňlaşmak, audio diňlemek we emeli aň guraly bilen işleşmek isleýän ulanyjylar üçin kamerasyz «akylly» äýnekleri çykarmagy hem meýilleşdirýändigini tassyklady. Şeýle äýnekleriň bahasy has amatly bolup biler.

Mundan başga-da, Meta kompaniýasynyň Meta Ray-Ban we Oakley Meta brendleri astynda çykarylan «akylly» äýnekleri hem bar. Kompaniýa 2025-nji ýylyň güýzünde linzasyna ekran oturdylan ilkinji äýnegi bolan Meta Ray-Ban Display modelini tanyşdyrypdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.