Özbegistan serhetleri kesgitlemek çäresiniň çäginde Gyrgyzystana iki sany oba berdi

Düýn, 06:048,316

Iki ýurduň arasyndaky döwlet serhedini kesgitlemek işleriniň çäginde Özbegistanyň umumy meýdany 236 gektar bolan iki sany ilatly nokady Gyrgyzystanyň düzümine geçdi.

Bu barada Kaktus.media neşiri Gyrgyzystanyň Prezidentiniň metbugat sekretary Askat Alagozowa salgylanyp habar berýär. Onuň sözlerine görä, gürrüň ozal Özbegistanyň Fergana welaýatynyň düzüminde bolan Çongara we Taş-Tobo obalary barada gidýär. Bu obalaryň 2 500 töweregi ilaty bar.

Resmi hasaba alyş çäreleri tamamlanandan soň, oba ýaşaýjylaryna Gyrgyzystanyň raýatlygy berler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.