«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

26.06.2026, 15:341,635
1 / 3

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga çagyrýar.

Çäre 2026-njy ýylyň 4-nji iýulynda sagat 16:00-dan 19:00-a çenli aralygynda geçiriler. Festiwalyň dowamynda gatnaşyjylar üçin janly aýdym-sazlar, çagalar we ulular üçin gyzykly eko-oýunlar, STEM okuw meýdançalary hem-de çeperçilik boýunça ýörite ussatlyk sapaklary guralar.

Ekologik taýdan arassa gurşawy emele getirmek we durnukly sarp ediş medeniýetini goldamak maksady bilen, çärä gatnaşyjylardan özleri bilen plastik çüýşe ýa-da ulanmaýan, beýlekiler bilen çalşyp biljek köne egin-eşiklerini getirmekleri haýyş edilýär.

Çäräniň dowamynda işjeňlik görkezenlere «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy hem-de çäräniň hemaýatkärleri tarapyndan taýýarlanan ýadygärlik sowgatlar gowşurylar.

  • Geçiriljek ýeri: «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezi, blok «C», 1-nji gat, «Bilelik Hub» döredijilik merkezi.
  • Habarlaşmak üçin: +(993 64) 26-84-32
  • Resmi internet saýty: tebigatchy.co.tm
  • TikTok: @a.tebigatchy.jg
  • Instagram: yashtebigatchy
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.