Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

27.06.2026, 14:312,097

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary hem döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy diýip, TDH habar berýär.

Medeniýet hepdeligi her ýyl Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilýär.

Bu çäre milli medeniýeti, sungaty we edebiýaty mundan beýläk-de ösdürmäge, täze eserleri döretmäge, döredijilik işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmäge we milli medeni mirasy giňden wagyz etmäge gönükdirilendir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.