Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

28.06.2026, 10:485,634
1 / 2

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ dollary) çemesi azaltdy.

Ykdysatçylar emläk gymmatynyň peselmeginiň «abadançylyk effektini» (adamyň özüni baý duýup, köp pul harçlamagyny) gowşadyp biljekdigini belleýärler. Bu bolsa bütin ykdysadyýet boýunça sarp edijileriň çykdajylaryna ters täsir edýär.

Bloomberg Economics-iň maglumatlaryna görä, Sidneýde jaýlaryň bahasy 31-nji martdan 25-nji iýuna çenli bolan döwürde 2,7% aşaklady. Bu bolsa bazaryň umumy gymmatynyň 120 milliard awstraliýa dollary möçberinde azalmagyna deňdir. Melburnda bolsa peseliş 2,3%-e, ýagny 65 milliard awstraliýa dollaryna barabar boldy.

Häzirki wagtda iň görnetin peseliş bazaryň iň ýokary böleginde göze ilýär: Sidneýde we Melburnda iň gymmat bahaly jaýlaryň bahasy geçen ýylky iň ýokary nyrhlar bilen deňeşdirilende degişlilikde 5% we 4,5% peseldi.

– Ýaşaýyş jaýlarynyň bahasynyň beýle derejede aşakk düşmegi sarp edijileriň giň toparyna täsir edýär, emma häzirki wagtda iň uly ýitgiler bazaryň iň gymmat bölüminde bolup geçýär. Bu ilki başda baý maşgalalaryň çykdajylaryna güýçli täsir edip biler, ýöne 2026-njy ýylyň ikinji ýarymynda arzan we orta bahaly jaý bazarynda hem islegiň gowşamagy bilen, bu ýitgiler has giň köpçülige ýaýrar – diýip, ykdysatçy Jeýms Makintaýr belledi.

Jaý bazaryna ters täsir eden esasy sebäpleriň arasynda banklaryň ýokary göterim mukdary, ýurda göçüp gelýänleriň azalmagy we ilatyň jaý satyn almaga bolan maliýe mümkinçiliginiň peselmegi görkezilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.