Krit adasynda golaýlaşýan tokaý ýangyny sebäpli 8 müň adam ewakuasiýa edildi

30.07.2026, 20:444,520
1 / 4

Gresiýanyň Krit adasyndaky tokaý ýangyny birnäçe ýaşaýyş jaýlarynyň we oba hojalyk desgalarynyň ýok edilmegine getirdi. Oduň Agiýa Galini şäherçesine bir kilometr aralyga çenli golaýlaşandygy sebäpli, häkimiýetler 8000 adamy ewakuasiýa etdi diýip, AFP habar berýär.

Adanyň günorta-günbatar bölegine 200-den gowrak hünärmen we 53 sany ýörite tehnika ugradyldy. Şol bir wagtyň özünde güýçli ýel ýangyny öçürmekde deňiz suwuny almaga çynlakaý päsgelçilik döredýär.

30-njy iýuldan başlap Gresiýanyň Raýat goragy ministrligi birnäçe sebitlerde, şol sanda Kritde, Afinanyň töwereginde, gündogar Peloponnesde we Egeý deňziniň adalarynyň köpüsinde ýangyn howpunyň iň ýokary derejesini belledi.

Tebigy-klimat betbagtçylyklarynyň netijesinde Gresiýada eýýäm üç sany ýangyn söndürijiniň heläk bolandygy hasaba alyndy. Olaryň ikisi Krýa Wrisi şäherçesiniň golaýyndaky dag ýolunda ot bilen petiklenip galdy, üçünjisi bolsa Peloponnes ýarymadasynda ýangyny öçürmäge synanyşyk wagtynda huşuny ýitirdi.

Her tomus ýurt giň gerimli tokaý ýangynlary bilen ýüzbe-ýüz bolýar, sebäbi uzak wagta çekýän gurakçylyk, ýokary temperatura we güýçli ýel oduň çalt ýaýramagy üçin şertleri döredýär diýip, AFP belleýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.