Şweýsariýaly işewür Saýmon Afram we Op-Fortitude kompaniýasy Netflix-iň üstünden kazyýete arz etdiler. Olar striming hyzmatyny Ikinji jahan urşy baradaky neşir edilmedik täze filmiň şifrlenmedik esasy nusgaly gaty diskini ýitirmekde we ogurlamakda aýyplap, 105 million dollar möçberinde öwez pulunyň töletmek isleýärler. Bu barada Variety neşiri habar berýär.
Hukuk şikaýatynda bellenilişi ýaly, iýun aýynda filmiň döredijileri ony Netflix-e satmak üçin synanyşypdyrlar. Filmiň bilelikdäki prodýuseri arhiw ýazgylary saklaýan gaty diski meýilnamalaýyn içki gözden geçiriliş üçin Netflix-iň baş edarasyna elin gowşurypdyr. Emma göterijini yza gaýtarmak wagty gelende, kompaniýanyň işgärleri aragatnaşyga çykmagyny bes edipdirler we soňra diskiň ogurlandygyny aýdypdyrlar.
Netflix-iň öz binýadyndaky filmleri öndürmek boýunça direktory Şon Berni filmiň toparyna beren habarynda: «Biziň tejribämizde beýle zat ilkinji gezek bolýar. Ýalňyşmasak, geçen hepde kimdir biri ofisimizdäki iş stolundan birnäçe diski ogurlapdyr. Biz bu barada öz howpsuzlyk gullugymyz bilen bilelikde işleýäris, emma häzirlikçe hiç hili netije ýok» diýip belledi.
Gürrüň Saýmon Westiň («Howa zyndany» filminiň režissýory) düşüren «Durnuklylyk» («Fortitude») filmi barada gidýär. Filmiň taýýarlyk işleri ýedi ýyl dowam etdi we oňa 45 million dollar sarp edildi. Surata alnan çeper eser Ikinji jahan urşy döwründäki «Fortitude» diýlip atlandyrylan gizlin operasiýa barada gürrüň berýär. Filmde Nikolas Keýj, Ben Kingsli we Ron Perlman ýaly meşhur ýyldyzlar oýnadylar.
Aframyň sözlerine görä, maglumatlaryň köpçülige syzyp gitmek töwekgelçiligi we eksklýuziwlik häsiýetiniň ýitirilmegi taslamanyň täjirçilik mümkinçiliklerini tas dolulygyna diýen ýaly ýok etdi, sebäbi beýleki studiýalaryň indi bu filmiň hukuklaryny satyn almaklaryndan almazlyklary ýakyn.
Öz gezeginde Netflix tarapy pudaklaýyn howpsuzlyk çäreleri berjaý edilmän geçirilen materiallaryň ýitirilmegi üçin jogapkärçilik çekmeýändigini we diskdäki faýllaryň şifrlenmändigini delil edinýär. Kompaniýa biperwaýlyk baradaky aýyplanmalary inkär edýär we talap edijileriň bu arzasyny diňe pul ýonjak bolmak diýip hasaplaýar. Filmiň awtorlary bolsa şifri striming gullugynyň öz talaplaryna we görkezmelerine eýerip aýyrandyklaryny nygtaýarlar.