Ridli Skott bilen Netflix «Endýurans» gämisindäki deňizçileriň halas edilişi hakda film çykarar

05.08.2026, 10:152,352
1 / 2

Netflix striming platformasy irlandiýaly alym Ernest Şekltona we onuň «Endýurans» gämi ekipažynyň gahrymanlarça halas edilmegine bagyşlanan uly göwrümli taryhy filmiň üstünde işläp başlady.

Antarktikanyň buzluklarynda diri galmak üçin alyp barlan dartgynly göreş baradaky taslamanyň režissýorlygy «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy we «Gaýnaw nokady» dramasy bilen tanalýan Fil Barantinä, ssenariýasy bolsa, öň «Oskar» baýragyna mynasyp bolan «Diri galan» dramasynyň üstünde işlän Mark L. Smita tabşyryldy.

Sýužetiň özeninde Imperiýa transantarktik ekspedisiýasynyň başdan geçiren wakalary ýatyr. 1915-nji ýylda Şekltonyň gämisi Weddell deňzinde buzlaryň arasynda gysylyp, soňam çöküp galýar. Heläkçilik duzagyna düşen kapitan we onuň topary akyp barýan buzluklaryň üstünde birnäçe aýlap diri galmak üçin hupbat görýärler. Şeklton kömege çagyrjak bolup, birnäçe deňizçi bilen bilelikde açyk halas ediş gaýygynda örän agyr we howply ýoly geçýär. Tas rowaýata öwrülen şol wakalaryň netijesinde-de alym ýekeje adamy hem ýitirmän, toparynyň her bir agzasyny öýüne sag-aman dolamagy başarýar.

Filmiň önümçiligi bilen meşhur halypa režissýor Ridli Skott bilen bir hatada uly prodýuserlik topary meşgullanar. Netflix bu taslama bilen ýene uly býujetli taryhy kino dolanyp gelýär, öň kompaniýa maliýe ýagdaýy sebäpli Denzel Waşingtonyň gatnaşmagyndaky Gannibal hakyndaky filmiň işlerini togtatmaly bolupdy.

Bu taslamadan başga-da striming platformasy Fil Barantini bilen uzak möhletli hyzmatdaşlyk etmek mümkinçiligine-de garaýar. Öz gezeginde, Mark L. Smit «Diri galan» filminiň üstünliginden soň filmografiýasyny dürli žanrdaky taslamalar bilen baýlaşdyrdy, olaryň arasynda «Gaýykdaky ýigitler» dramasy we «Batgalyk şasynyň gyzy» trilleri bar. Şeýle hem ssenariýaçy Ridli Skottyň Jeýkob Elordi, Margaret Kuolli we Joş Broliniň surata düşen, golaýda çykjak «Uly Köpek Ýyldyz Topary» atly postapokaliptik filminiň üstünde hem işledi.

Geljekki filmiň aktýorlar düzümi entek resmi taýdan yglan edilmedi, emma insaýderler baş keşpleriň biri Barantiniň «Gaýnaw nokady» filminden bäri hemişelik aktýory we egindeşi bolup galan Stiwen Greme berlip bilner diýip çaklaýarlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.