"Gulfstream G700" biznes-jeti (uçary) Los-Anjeles — Farnboro ugry boýunça tizlik rekordyny täzeledi. Ol takmynan 8780 kilometr aralygy 8 sagat 27 minutda geçip, bu üstünlige bary-ýogy 11 gün eýelik eden "Bombardier Global 8000" uçaryny yzda galdyrdy.
Rekord uçuş 30-njy iýulda amala aşyryldy. Uçar şol bir ugry 19-njy iýulda 8 sagat 46 minutda uçup geçen bäsdeşini 19 minut yzda galdyrdy.
"Gulfstream" wagtyň diňe bir uçuş prosesinde däl, eýsem uçuşdan gonýança hem ölçelendigini belleýär. Şeýle çemeleşme uçaryň hakyky ulanylyş mümkinçiliklerini we ýolagçylaryň howada geçirýän hakyky wagtyny has oňat görkezýär.
Öňki rekordy goýan kanadaly Bombardier Aviation kompaniýasy şonda uçuşyň amatsyz howa şertlerinde geçendigini belläpdi. "Gulfstream" bolsa öz rekord uçuşyndaky howa şertleri baradaky maglumaty mälim etmedi.
"Bombardier Global 8000" uçarynyň iň ýokary yglan edilen tizligi 0.95 Maha (takmynan 1000–1159 km/sag) barabar, "Gulfstream G700"-iň iň aňrybaş görkezijisi bolsa 0.935 Maha (1100–1150 km/sag) ýetýär.