«WeatherNext» emeli aň modeli tropiki tupanlara taýýarlyk görmek üçin sinoptiklere goşmaça wagt döredýär. Bu modeliň 3 gün öňünden berýän çaklamasy adaty ulgamlaryň 2 günlük çaklamasy bilen derejede takykdyr.
Halas ediş gulluklary we kenarýaka sebitleriň ýaşaýjylary üçin artykmaç 24 sagat diýmek diýseň uly ähmiýete eýedir, çünki bu möhlet afamlary howpsuz ýere göçürmäge we zerur serişdeleri öňünde taýýarlamaga mümkinçilik berýär.
Bu işiň üstünde «Google DeepMind» bilen «Google Research-yň» hünärmenleri zähmet çekdiler.
Hünärmenler tupanlary çaklanynda hemişe şol bir kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar: tebigy betbagtçylyk bir wagtda hem ugruny, hem-de güýjüni üýtgedip bilýär. Tupanyň ugry Ýeriň atmosferasyndaky global proseslere bagly bolsa, onuň kuwwaty ummanyň üstündäki nokatlaýyn ýerli şertlere bagly.
Ozalky emeli aň modelleri tupanyň ugruny o diýen erbet kesgitlemeseler hem, köplenç onuň weýrançylykly güýjüne gezek gelende «ýalňyşýardylar». «WeatherNext» alymlaryň hatda özleri üçin hem garaşylmadyk ýagdaýda bu meseläniň çözgüdini tapdy.

Tehnologiýanyň döreden hünärmenler neýroulgamy diňe bir geçen tupanlar baradaky az-kem maglumatlarda däl, eýsem adaty meteorologiýa gözegçilikleriniň ägirt uly toplumynda hem okatdylar. Geň ýeri, model pesräk durulykdaky atmosfera maglumatlaryny ulanyp, tupanyň geljekki güýjüni has takyk kesgitlemegi öwrendi. Aýdylmagyna görä, howa has köptaraplaýyn seljerileninde, tupanyň geljekki kuwwaty barada ozal çaklanylyşyndan has köp duýduryş alamatlaryny tapyp bolýar, emma neýroulgamyň ol alamatlary takyk haýsy görkezijilerden tapýanyna alymlar indi-indi düşünjek bolýarlar.
Wakalaryň ýaýbaňlanyşynyň dogry bolan ýekeje mümkin wariantyny hödürlemegiň ýerine, «WeatherNext» hadysany dürlüçe gaýtaladyp görýär. Model temperaturanyň ýa-da ýeliň iň kiçi üýtgeşmeleriniň ýagdaýy nähili üýtgedip biljekdigini göz öňünde tutup, şol bir ýagdaý üçin 1000-e çenli dürli ssenariý döredýär. Klasiki superkompýuterlerde hasaplaýyş kuwwatynyň ýetmezçiligi sebäpli ozal şeýle mukdarda wariantlary alyp bolmaýardy.
Ulgamyň mümkinçilikleri eýýäm hakyky şertlerde synagdan geçip ýetişdi. 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda «WeatherNext» heläkçilikden bäş gün öň «Melissa» tupanynyň Ýamaýkany gurşajakdygyny we howpuň iň ýokary — 5-nji derejesine ýetjekdigini 80% ähtimallyk bilen duýdurdy. Çaklama doly tassyklandy, betbagtçylygyň öňünden berlen «puryja» ýerli häkimiýetlere bahasyna ýetip bolmajak gymmatly wagt ätiýaçlygyny berdi.
Görnetin üstünliklere garamazdan, ABŞ-nyň Tupanlara gözegçilik ediş milli merkezi emeli aňyň heniz janly meteorologlaryň ornuny tutman, eýsem olara örän takyk nawigator bolup hyzmat edjekdigini belleýär.
Ylmyň ösüşini çaltlandyrmak üçin Google «WeatherNext-iň» çeşme koduny bütin dünýädäki garaşsyz gözlegçiler üçin açyp goýdy.