«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy paýtagtymyzda 2026-njy ýylyň 19-22-nji awgusty aralygynda geçiriljek «Kids Expo: hemme zat çagalar üçin» atly halkara köpugurly sergi-ýarmarkasyna çagyrýar. Gurama öz stendinde interaktiw ekologik maksatnama hödürlär.
Çagalar hem ýetginjekler üçin birnäçe interaktiw oýunlar taýýarlanyldy. Myhmanlara Eco Jenga, Save the planet springer, Eco-themed T-shirt activity, Eco sorting, Tangram hem-de «Bu nämäniň ýapragy?» ýaly gyzykly eko-oýunlar garaşýar.
Serginiň dowamynda galyndylary dogry dolandyrmak boýunça ýörite ussatlyk sapaklary geçiriler.
Mundan başga-da, tejribeli hünärmenleriň gatnaşmagynda çagalar dürli ösümlikleri özbaşdak ekip, özlerini hakyky tebigatçy hökmünde duýup biler.
«Ýaş tebigatçy» hemmäni wagty «peýdaly, gyzykly we ekologiýa taýdan bilimli» geçirmäge çagyrýar.
Goşmaça maglumatlar üçin:
- Telefon: +(993 64) 26-84-32
- TikTok: @yash_tebigatchy.jg
- Instagram: @yashtebigatchy