GDA ýurtlarynyň Baştutanlary taryhy hakydany saklamak hakynda Beýannamany kabul etdi

Şu gün, 16:05828

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän sammitde Arkalaşygyň döwlet Baştutanlary taryhy hakydany saklap galmak barada bilelikdäki Beýannama gol çekdi. Bu barada THP habar berýär. 

Resminamada geçmişe aýawly garamagyň ksenofobiýa, jynsparazlyga, kemsitmelere we ekstremizme garşy netijeli böwet bolup çykyş edýändigi, taryhy obýektiw bilmegiň bolsa galp maglumatlary hem-de hakykaty ýoýmak synanyşyklarynyň öňüni almaga kömek edýändigi nygtalýar.

GDA ýurtlarynyň Baştutanlary dünýä bileleşigini taryhy hakykaty goramak, milletara ynamy berkitmek we geljekki nesillere döredijilikli hyzmatdaşlygyň tejribesini geçirmek üçin güýçleri birleşdirmäge çagyrdy. Ýüzlenmede milletparazlygy, faşizmi we beýleki weýran ediji ideologiýalary gahrymanlaşdyrmagyň ýol berilmesizdigi baradaky ýörelgä berk eýermeklige aýratyn üns berilýär.

Resminama dogruçyl we syýasylaşdyrylmadyk gepleşikler arkaly taryhy magaryfy ösdürmek ugruny kesgitleýär. Muny amala aşyrmak üçin alymlaryň, arhiwçileriň, arheologlaryň, şeýle hem ýaşlar, gözleg we meýletinçilik hereketleriniň gatnaşyjylarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek meýilleşdirilýär.

GDA boýunça hyzmatdaşlar ýadygärlikleri we memoriallary bilelikde goramagy, wajyp seneleri wagyz etmegi hem-de halkara meýdançalarda bilelikdäki başlangyçlary, şol sanda Arkalaşygyň döwletleriniň Taryhçylarynyň we arhiwçileriniň halkara assosiasiýasyna daýanyp, öňe sürmegi maksat edinýär.