Türkmenistanly samboçy Sanjarbek Öwezberdiýew Daşkentde geçirilýän sambo boýunça 50-nji dünýä çempionatynda altyn medal gazandy. Türgen 64 kg çenli agram derejesinde «söweş sambosy» ugry boýunça ýeňiji boldy.
Final duşuşygynda Öwezberdiýew Belarusyň wekili Ýauhen Mihnony 8:0 hasaby bilen ýeňdi. Türkmen türgeni ýaryşy bäş ýeňiş bilen tamamlady we tutuş ýaryşyň dowamynda bäsdeşlerine diňe bir utuk aldyrdy.
Finala barýan ýolda Sanjarbek Ekwadordan Lenin Gerrany (6:0), Ukrainadan Ýan Raskini (9:0), Marokkodan Abdelmunim Faruhini (8:0) we Ermenistandan Mais Nersesýany (8:1) ýeňlişe sezewar etdi.
Ýubileý dünýä çempionaty 2026-njy ýylyň 7-nji noýabrynda Daşkentde geçirilýär.