Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýewe käýinç yglan etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Şu gün, 13-nji noýabrda döwlet Baştutany sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda Nökerguly Atagulyýew Söwda-senagat edarasy tarapyndan degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde 2027-nji ýylda geçiriljek sergiler, ýarmarkalar, maslahatlar we festiwallar barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, işlenip taýýarlanylan taslama laýyklykda, geljek ýylda Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda jemi 26 sany iri çäräniň guralmagy meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, ýylyň dowamynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda ikitaraplaýyn sergileriň, maslahatlaryň we işewür duşuşyklarynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça netijeli işleri alyp barýandygyny, bu ugurda halkara sergileriň we maslahatlaryň möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Döwlet Baştutany hödürlenen teklipleri goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti söwda toplumynda goýberen kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýewe käýinç yglan edýändigini aýtdy hem-de eger-de gysga wagtda goýberilen kemçilikler düzedilmese, onda eýeleýän wezipesinden boşatjakdygy barada duýdurdy.