Türkmenistanda söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri çalşyldy

Düýn, 21:516,092
1 / 4

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Agahanowy başga işe geçmegi sebäpli eýeleýän wezipesinden boşatdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

13-nji noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet Baştutany söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrini goni aragatnaşyk arkaly wezipesinden boşadyp, bu wezipä «Türkmenpagta» döwlet konserniniň başlygy Dörtguly Süleýmanowy belledi we ony konsernde eýeleýän wezipesinden boşatdy.

Süleýmanow özüne bildirilen uly ynam üçin döwlet Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, täze wezipede öňde goýlan jogapkärli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Mundan başga-da, mejlisiň dowamynda Aýmyrat Kürtow «Türkmenpagta» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadylyp, bu döwlet konserniniň başlygy wezipesine bellenildi. Kürtow bildirilen ynam üçin döwlet Baştutanyna minnetdarlyk bildirip, konserniň öňünde durýan wezipeleri netijeli durmuşa geçirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekjekdigine ynandyrdy.