Ulag we aragatnaşyk toplumyna jogap berýän wise-premýer B.Annaýew wezipesinden boşadyldy

Düýn, 22:096,709
1 / 2

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Annaýew başga işe geçmegi sebäpli eýeleýän wezipesinden boşadyldy.

«Watan» habarlar gepleşiginde aýdylyşy ýaly, şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda wise-premýer Annaýew ýurduň deňiz we derýa ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Hazar deňziniň türkmen böleginde ýüzýän milli hem-de daşary ýurt gämileriniň bökdençsiz we netijeli işledilmegini üpjün etmek maksady bilen «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň binýadynda deňiz gämilerini gurmak we abatlamak bilen bir hatarda, gämileriň degişli serişdelerini täzelemek hem-de tehniki taýdan gözegçilikde saklamak hyzmatlary ýola goýuldy.

Bu ugurdaky işleriň netijeliligini artdyrmak maksady bilen, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Mejlisiň dowamynda Serdar Berdimuhamedow başga işe geçmegi sebäpli Annaýewi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyp, bu wezipä göni aragatnaşyk arkaly demir ýol ulaglary ministri Mämmet Akmämmedowy belledi.

Akmämmedow özüne bildirilen uly ynam üçin döwlet Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, täze wezipede öňde goýlan jogapkärli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda gujur-gaýratyny gaýgyrman işlejekdigine ynandyrdy.