Volkswagen täze Scout brendi astynda awtoulag çykaryp başlady

Şu gün, 11:11602
1 / 9

Volkswagen konserniniň Scout Motors golçur kompaniýasy ABŞ-nyň Günorta Karolina ştatynyň Blaýtwud şäherinde gurlan täze zawodynda ilkinji awtoulaglaryny çykaryp başlady. Häzirlikçe kärhanada tapgyrlaýyn önümçilik üçin niýetlenen awtoulaglar däl-de, Terra pikapynyň we Traveler ýolsuzlyk ulagynyň önümçilikden öňki nusgalary ýygnalýar.

Scout Motors-yň resmi maglumatyna görä, zawodda enjamlary gurnamak işleri tamamlanyp barýar. Häzirki wagtda konweýerden ilkinji 30-40 sany synag awtoulagy çykyp başlady. Bu nusgalar programma üpjünçiligini gurnamak, ýol synaglaryndan geçirmek, şeýle-de olaryň ygtybarlylygyny we howpsuzlygyny barlamak üçin ulanylar.

«Bular programma üpjünçiligini gurnamak we ýol synaglaryny geçirmek üçin Amerikanyň dürli künjeklerine iberiljek ilkinji nusgalardyr» diýip, Scout Motors-yň baş direktory Skott Kio aýtdy.

Zawodyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda bolup, işleriň, takmynan, 85 göterimi ýerine ýetirildi. Kärhana ýylda 200 müň awtoulag öndürmäge niýetlenendir. Zawodyň gurluşygyna 2 milliard dollardan gowrak maýa goýuldy we ol doly işe girizilenden soň, takmynan, 4 müň adamy iş bilen üpjün edip biler.

Awtoulaglaryň synaglary tutuş 2027-nji ýylyň dowamynda amala aşyrylar. Şondan soň önümçilikden öňki tapgyra geçiler. Scout kysymly ilkinji tapgyrlaýyn öndürilen awtoulaglary müşderilere 2028-nji ýylda gowşurmak meýilleşdirilýär.

Skott Kionyň aýtmagyna görä, takmynan, 212 müň adam geljekki awtoulaglar üçin eýýäm töleg geçiripdir. Olaryň 95 göterimi doly elektrikli görnüşiň ýerine batareýany zarýaddan doldurmak üçin benzinli hereketlendirijini ulanýan, ýöreýiş ätiýaçlygy artdyrylan elektrik awtoulagynyň (EREV) täzelenen modelini saýlady.

Scout brendiniň Amerikada döredilendigini hem bellemek gerek. 1960-njy ýylda International Harvester kompaniýasy Jeep CJ modeli bilen bäsleşmek üçin Scout 80 awtoulagyny tanyşdyrypdy. Volkswagen 2020-nji ýylda bu taryhy ady ulanmak hukugyna eýe çykdy. 2022-nji ýylyň maýynda bolsa aýratyn brend hökmünde Scout Motors kompaniýasynyň döredilendigini yglan etdi. Brendiň täzeden dikeldilmegi konserniň pikaplaryň we ramaly ýolsuzlyk ulaglarynyň bazaryndaky ornuny giňeltmek strategiýasynyň bir bölegidir.