ABŞ-nyň Filadelfiýa şäherinde bir wagtyň özünde Rokki Balboanyň keşbine giren adamlaryň sany boýunça dünýä rekordy goýuldy. Bu ýerde Silwester Stalloneniň adybir filmde janlandyran meşhur gahrymanynyň keşbinde 570 adam ýygnandy diýip, Ginnesiň rekordlar kitaby habar berýär.
Çäre Filadelfiýa sungat muzeýiniň öňündäki basgançaklarda geçirildi. Rokki 1976-njy ýylda düşürilen filmde türgenleşik wagtynda hut şu basgançaklardan ylgap galypdy. Gatnaşyjylar filmiň şol sahnasyny gaýtalamak üçin çal reňkli, kapýuşonly sport geýimlerini, örme başgaplary we gara reňkli, gonçly krossowkalary geýip gelipdirler.

Rekord goýmak synanyşygy «Amazon MGM Studios», «Converse» kompaniýalarynyň we «The Rocky Run» ylgaw ýaryşynyň guramaçylarynyň ýardam etmegi bilen, «Rokki» filminiň muşdaklaryny bir ýere jemleýän Fans of Rocky topary hem-de Filadelfiýanyň syýahatçylyk merkezi tarapyndan guraldy. Rekordyň hasaba alynmagy üçin bildirilýän talaplary berjaý etmek maksady bilen, «The Rocky Run» kompaniýasy gatnaşyjylara «Chuck Taylor» kysymly 500 jübüt krossowka paýlady.
Çärä Germaniýadan, Beýik Britaniýadan we Wengriýadan ýörite gelen janköýerler hem gatnaşdy. Rekord netije yglan edilenden soň, gatnaşyjylar baş gahrymanyň adyny tutup gygyrmak bilen, meşhur basgançaklardan köpçülikleýin ylgap geçdiler.

Rekord «Rokki» filminiň 50 ýyllygyna bagyşlanan «Rocky Season» festiwalynyň çäklerinde goýuldy. Baýramçylyk çäreleri 3-nji dekabra — Filadelfiýada «Rokki güni» diýlip bellenilýän senä çenli dowam eder (hawa, şäherde şeýle baýramçylyk hem bar).
Festiwalyň maksatnamasyna tematiki gezelençler, sport ylgawlary, konsertler we beýleki çäreler girýär. Olar Stalloneniň «The Steps» atly täze ýatlamalar kitabynyň hem-de filmiň döredilişi barada gürrüň berýän «Men Rokkini oýnaýan» atly filmiň çykmagy bilen baglanyşykly geçirilýär.