16-njy noýabrda Antalýada geçirilýän COP31 maslahatynyň çäginde Türkmenistanyň milli pawilýonynda «Jemgyýetçilik guramalary we howa çözgütleri: ýerli başlangyçlardan ählumumy hereketlere» atly bäşinji tematik sessiýa geçirildi.
Oňa Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, halkara guramalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň we ýaşlar düzümleriniň wekilleri gatnaşdy.
Sessiýada çykyş eden Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew howa sowatlylygyny mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli ösdürmegiň möhüm ähmiýetini nygtady hem-de howa bilimini kämilleşdirmek, ýaşyl başarnyklary ösdürmek, sanly maglumatlardan peýdalanmak we mugallymlaryň hünär derejesini artdyrmak boýunça bäş sany teklibi öňe sürdi.
Bu tekliplerde aşakdakylar göz öňünde tutulýar:
- 2027-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Howa dialogynyň çäginde ýaşlaryň gatnaşmagynda ýörite sessiýany guramak;
- sebit bäsleşigini geçirmek;
- mekdepleriň howa boýunça sanly atlasa maglumat goşmagyny üpjün etmek;
- şeýle hem ýaşyl hünärleri ösdürmek;
- mugallymlar üçin ýörite okuw modullaryny taýýarlamak.
Çykyşyň dowamynda ýurtda durmuşa geçirilýän «Ýaşyl mekdep» maksatnamasynyň netijeleri barada hem maglumat berildi. Häzirki wagtda bu maksatnama 120 mekdep we 160 müňe golaý okuwçy gatnaşýan bolsa, 2030-njy ýyla çenli oňa gatnaşýan mekdepleriň sanyny 500-e ýetirmek meýilleşdirilýär.
Sessiýanyň ahyrynda ýaşlaryň ekologik başlangyçlara gatnaşygyny giňeltmek hem-de bu ugurda ÝUNISEF, BMGÖM we Aziýa ösüş banky bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.