Messi adyny mahabat maksady üçin ulanan AFA bilen dawa girdi

Şu gün, 10:521,235

«Inter Maýami» toparynyň hüjümçisi Lionel Messi Argentinanyň Futbol Assosiasiýasynyň (AFA) öz adyny we suratyny täjirçilik maksatlarynda ulanmagyny bes etmegi talap edýär. Marca neşiriniň habar bermegine görä, futbolçynyň wekilleri eýýäm bu boýunça resmi hukuk ýüzlenmesini hem taýýarlapdyrlar.

Žurnalistleriň aýtmagyna görä, Messi öz adynyň we jemgyýetçilikdäki abraýynyň Argentinanyň futbol ýolbaşçylarynyň bähbitlerini öňe sürmek üçin ulanylmagyny islemeýär. Futbolçynyň wekilleri bilen AFA-nyň ýolbaşçylarynyň arasyndaky dartgynlylyk maliýe serişdeleriniň nädogry ulanylandygy baradaky şübheler we oýunçynyň täjirçilik hyzmatdaşlary bilen ýüze çykan jedeller sebäpli has-da güýçlendi.

Lioneliň nägileliginiň ýene bir sebäbi onuň Argentinanyň milli ýygyndysyndaky hoşlaşyk oýnunyň guramaçylygy bilen bagly meseleler boldy. Oktýabr aýynda Beniniň milli ýygyndysyna garşy geçirilen bu duşuşykda AFA-nyň ýolbaşçylary rowaýaty futbolçy bilen hoşlaşyk dabarasyny mümkin boldugyça köp girdeji gazanmagyň çeşmesine öwrüp, hatda myhman toparyň çykdajylaryny hem tygşytlamaga çalşypdyrlar.

Çykdajylary azaltmak we girdejini artdyrmak maksady bilen, AFA Afrikanyň känbir tanalmaýan milli ýygyndylarynyň birini hiç hili hak tölemezden oýna çagyrdy. Žurnalist Romen Molina bilen Beniniň milli ýygyndysynyň tälimçisi Gernot Roruň aýtmaklaryna görä, myhman topar Argentina gelmek üçin ekonom-klasda bir gije-gündizden gowrak dowam eden uçuşy geçirmäge mejbur bolupdyr. Oýunçylar gyzgyn suwy we talabalaýyk türgenleşik zaly bolmadyk myhmanhanada ýerleşdirilipdir. Duşuşykdan soň bolsa stadionyň howpsuzlyk gullugy garşydaş toparyň futbolçylaryna argentinler bilen köýnekçelerini çalyşmak ýa-da Messi bilen surata düşmek üçin stadionyň içki geçelgesine girmäge-de rugsat bermändirler.

«Monumental» stadionynda toparyň kapitanynyň hormatyna geçirilen dabarada hem janköýerleriň tankydyna sebäp bolan ýagdaý ýüze çykypdy. Nägilelige dron şüweleňiniň öň ýanynda görkezilen mahabat roligi sebäp bolupdy. Tomaşaçylar sygyryşyp, AFA-nyň ýolbaşçysy Klaudio Tapiýa sögündiler.

Gazzetta dello Sport neşiriniň maglumatyna görä, Messi başda aýratyn hoşlaşyk oýnuny geçirmegi hem islemändir. Ol milli ýygyndydaky karýerasyny 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň finalyndan soň tamamlamagy niýet edinipdir. Futbolçy bu duşuşyga federasiýanyň öz adyndan soňky gezek mümkin boldugyça köp girdeji gazanmak synanyşygy hökmünde garapdyr. Ýeri geleninde belläp geçsek, AFA şonda diňe petekleriň satuwyndan, takmynan, 13 million dollar gazandy.

Messi Argentinanyň milli ýygyndysyndaky karýerasyny tamamlaýandygyny 31-nji awgustda mälim edipdi. 39 ýaşly futbolçy milli toparyň düzüminde 207 duşuşykda oýnap, 125 gol geçirip, 68 assist etdi.