Guançžoudaky awtosalonda 1100-den gowrak awtoulag we 115 sany täze model görkeziler

Düýn, 18:582,747

24-nji Halkara Guançžou awtosalony 27-nji noýabrda Canton Fair Complex sergi toplumynda öz işine başlap, 6-njy dekabra çenli dowam eder. 220 müň inedördül metr meýdanda jemi 1106 sany awtoulag görkeziler. Olaryň 115-si sergä ilkinji gezek çykarylar diýip, CnEVPost neşiri habar berýär.

Serginiň esasy bölegini elektromobiller we daşky elektrik çeşmesinden zarýad alýan gibrid awtoulaglar düzer. Bu ýyl olaryň sany 707-ä ýetip, ähli awtoulaglaryň 63,9%-ini emele getirer. Deňeşdirip aýtsak, 2025-nji ýylda geçirilen sergide 93 sany ilkinji gezek görkezilýän model bilen birlikde jemi 1085 awtoulag görkezilipdi. Şol wagt täze energiýa çeşmelerinde işleýän awtoulaglaryň paýy 58%-e deňdi.

Sergä Hytaýyň iri awtoulag öndürijileri bolan Geely, Chery, Changan, Great Wall Motor we BYD kompaniýalary, şeýle-de olaryň Denza, Yangwang we Fang Cheng Bao ýaly golçur brendleri gatnaşar. Mundan başga-da, olaryň arasynda Nio, Xpeng, Xiaomi Auto, Li Auto, Leapmotor, Zeekr we Avatr kompaniýalary hem öz modellerini görkezer.

Halkara awtoulag senagatyna BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen, Audi, Porsche, Ford, General Motors, Toyota, Honda, Nissan we Hyundai kompaniýalary wekilçilik eder. Şolaryň hatarynda Chery we Jaguar Land Rover kompaniýalarynyň bilelikde ösdürýän täzeden dikeldilen Freelander brendi hem ilkinji gezek köpçülige çykar. Guançžou awtosalonyna Tesla kompaniýasynyň gatnaşmaýandygy belli boldy. Oňa derek sergä Huawei bilen hyzmatdaşlyk edýän HIMA awtoulag bileleşigi we dünýäniň iň iri akkumulýator öndürijileriniň biri bolan CATL ýaly tehnologiýa kompaniýalary gatnaşar.

Käbir öndürijiler bu sergide täze modellerini tanyşdyrjakdyklaryny eýýämden mälim etdiler. Şolaryň arasynda BYD kompaniýasy täze nesil Han sedanyny, lýuks awtoulag brendi Yangwang bolsa Altior atly kaşaň sedanyny ilkinji gezek görkezer.

Günbatar brendleriniň täze modelleriniň hatarynda Audi Q9 we Lincoln Aviator EX8 flagman krossowerleri, Mercedes-Benz VLE elektrik miniweni hem-de Nissan NX7 gibrid krossoweri hem bar.