Hytaýda üstüne äpet harsaň daş gaçan awtoulagyň içindäki adamlar aman galdy

Şu gün, 07:004,859
1 / 2
Hytaýyň Syçuan welaýatynda dagyň eňňit gaýasyndan gopan äpet daş gelip, ulag dyknyşygynda duran ýeňil awtoulagyň üstüne gaçdy. Bu howply pursaty yzdan gelýän awtoulagyň wideo registratory surata düşürdi.
Waka Li etrabynyň dag ýolunda bolup geçdi. Ak reňkli Peugeot 308 kysymly awtoulag ýoluň dyknyşykly böleginde garaşyp durka, birden dagyň belent gaýasyndan gopan äpet daş aşaklygyna togalanyp gaýdýar.
Daş awtoulagyň yzky aýnasyny döwüp, kuzowyna uly zeper ýetirýär.
Ulagyň eýesiniň aýtmagyna görä, şol wagt yzky oturgyçda onuň iki garyndaşy oturan eken. Ol daşyň üstlerine gaçan wagtynda örän gorkandygyny, ýöne bagtyna, hernä, hiç kimiň şikes almandygyny habar berdi. Sürüji howply ýerden özbaşdak çykmagy başarypdyr.
Wakadan soň ýerli häkimiýetler goşmaça duýduryş belgilerini oturdyp, işgärleriň nobatçylygyny ýola goýdular we dag eňňitlerindäki howply ýerleri anyklamak üçin barlag işlerine başladylar.