BYD krossoweri iki tigirde 180 tonnalyk Boeing 747 uçaryny çekdi

Şu gün, 14:042,247
1 / 3

Denza Bao 5 gibrid krossoweri Beýik Britaniýanyň Surreý graflygyndaky «Dunsfold» aerodromynda agramy, takmynan, 180 tonna bolan hasapdan çykarylan Boeing 747 uçaryny tirkege aldy.

Geçirilen üç synagda awtoulag jemi 1600 metr aralygy geçdi — ilki dört tigirde, soňra üç tigirde we kuzowyň bir tarapyndaky iki tigirde.

Synag üçin Ultimate wersiýasynyň üstünde işlenildi: salondan ýolagçy kürsüleri aýrylyp, deňagramlylygy saklamak üçin agramy 4,5 tonna çenli bolan goşmaça ýük (ballast) ýerleşdirildi. Şeýle hem stabilizatorlar we ýörite tirkeg berkidijisi oturdyldy. Ruluň başyna BYD-yň britan bölüminiň uly tehnigi Mark Gallifant geçdi.

Krossoweriň güýç gurluşy 544 at güýjüni we 760 N/m aýlaw pursadyny berýär. Ol 1,5 litrlik turbohereketlendirijini we üç sany elektromotory birleşdirýär. Sygymy 31,8 kWt/sag bolan batareýa WLTP standarty boýunça diňe elektrik energiýasy bilen 90 km çenli ýol geçmäge mümkinçilik berýär.

Denza kompaniýasynyň beýanatyna görä, bu seriýaly awtoulagyň diňe elektrik güýji bilen Boeing 747 uçaryny tirkegde ilkinji gezek çekmegi boldy. Synaglardan soň hünärmenler hereketlendirijide ýa-da tigirlerde aşa agram düşme alamatlaryny ýüze çykarmady.

2006-njy ýylda şol bir aerodromda V10 TDI dizel hereketlendirijili Volkswagen Touareg awtoulagy agramy 155 tonnadan gowrak bolan uçary 150 metr aralyga çekipdi.