Ilon Maskyň xAI emeli aň kompaniýasyny esaslandyryjylaryň üçüsi-de birleşip, geljekde bolup biljek wakalary çaklamaga gönükdirilen täze emeli aň startapyny işe girizdi. Bu barada Bloomberg neşiri habar berýär.
Täze Epochal startapy emeli aň agentlerine internetiň belli bir döwürdäki arhiw görnüşinden peýdalanmaga mümkinçilik berýän önümi işläp düzdi. Kompaniýanyň «wagt portaly» diýip atlandyrýan bu tehnologiýasynyň kömegi bilen işläp düzüjiler emeli aňa geljekde bolup biljek wakalary öňünden çaklamagy öwredýärler.
Epochal topary dürli ugurlarda karar kabul etmek üçin öňdebaryjy EA modelini döretmegi maksat edinýär.
«Her bir kararyň özeninde çaklamanyň durýandygyny nazara alsaň, adamyňkydan hem ýokary çaklama ukyby islendik pudagy-da özgerdip biler» diýip, Kompaniýanyň wekilleri belleýär.
Kompaniýany xAI-yň üç esaslandyryjysy — Godun Çžan, Cžyhan Daý we Manuel Kroýss döretdi. Olar 2026-njy ýylyň fewralynda xAI kompaniýasy Maskyň SpaceX kompaniýasyna birleşenden soň, işden çykdylar. Täze taslamanyň başyna xAI, OpenAI, Anthropic we Google kompaniýalarynyň öňki işgärleri hem bardylar.
Bloomberg neşiriniň çeşmesiniň habar bermegine görä, Godun Çžan täze taslama öz şahsy serişdelerinden 100 mln dollar maýa goýmagy meýilleşdirýär.