ABŞ-nyň Federal aragatnaşyk komissiýasy (FCC) SpaceX kompaniýasyna kosmosda maglumat merkezleriniň ulgamyny döretmek üçin 1 milliona çenli hemra uçurmaga rugsat berdi.
Starmind atly bu ulgam uly möçberli maglumatlary gaýtadan işlemäge we emeli aňyň has-da ösmegi üçin zerur hasaplaýyş kuwwatyny üpjün etmäge niýetlenendir. FCC-niň bellemegine görä, bu ABŞ-nyň taryhynda şeýle görnüşli ilkinji rugsatdyr.
Komissiýanyň başlygy Brendan Karr kosmosda maglumat merkezlerini döretmegiň ABŞ-nyň öňdebaryjylygyny berkitjekdigini aýtdy. Onuň pikiriçe, hasaplaýyş kuwwatyny Ýeriň daşyna geçirmek kosmos tehnologiýalary bilen öňdebaryjy tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini birleşdirip, ýurduň ykdysady ösüşine hem goşant goşar.
FCC-niň hünärmenleri bu taslamanyň adamzady gün energiýasyndan doly peýdalanyp biljek siwilizasiýa derejesine ýetirjekdigine ynanýarlar.
Taslama kosmos zibilleri baradaky talaplara laýyk gelýär. Şeýle hem SpaceX-e hemralary dolandyrmak, olaryň ýagdaýyny yzarlamak we adatdan daşary ýagdaýlarda aragatnaşygy üpjün etmek üçin radioýygylykly aragatnaşykdan peýdalanmaga rugsat berildi.
Komissiýa kosmosda maglumat merkezlerini döretmek boýunça beýleki tekliplere hem seredýär we tizara olar baradaky kararlary-da kabul etmegi maksat edinýär.
Kardaşýow ölçeg ulgamyny 1964-nji ýylda sowet astrofizigi Nikolaý Kardaşýow hödürläpdi. Bu ölçeg boýunça, siwilizasiýalar planetanyň, ýyldyzyň ýa-da tutuş galaktikanyň energiýasyny peýdalanmak ukybyna görä üç görnüşe bölünýär.