Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Türkmentelekom» elektroaragatnaşyk kompaniýasy Push-to-Talk over Cellular (PoC) standartyndaky toparlaýyn radioaragatnaşyk ulgamyny hem-de «Tolkun» programma üpjünçiligini görkezdi. «Türkmentel-2026» halkara sergisinde hödürlenen bu çözgütler serginiň myhmanlarynda uly gyzyklanma döretdi.
Häzirki döwürde işjeň ulanylýan 2G, 3G we 4G ykjam aragatnaşyk torlarynyň binýadynda işleýän tehnologiýa goşmaça radioaragatnaşyk toruny gurmazdan, bir düwmä basmak arkaly şahsy we toparlaýyn sesli aragatnaşygy ýola goýmaga, şeýle hem gyssagly habar alyşmaga mümkinçilik berýär.
Ulgam dürli önümçilik şertlerine niýetlenen M6G, TE 620G, BP 900, TG 510 we TG 200 kysymly ýöriteleşdirilen enjamlar bilen utgaşykly işleýär. Enjamlar uly ýat göwrümine we kuwwatly energiýa çeşmesine eýe bolup, IP54 we IP68 gorag derejelerine laýyk gelýär. Olaryň käbir kysymlary 5G tehnologiýasy bilen hem üpjün edilendir.
«Tolkun» programma üpjünçiligi sesli habarlary, tekstleri, suratlary, wideolary we iş resminamalaryny alyşmaga, şeýle hem köp gatnaşyjyly iş maslahatlaryny geçirmäge mümkinçilik berýär. Onuň düzümindäki dispetçer hyzmaty işgärleriň ýerleşýän ýerini takyk kesgitlemäge, olaryň işine merkezleşdirilen gözegçiligi amala aşyrmaga, birnäçe adam bilen aragatnaşygy nobatsyz utgaşdyrmaga we aragatnaşyk maglumatlaryny saklamaga şert döredýär.
Bu çözgüt ulag-logistika, demir ýol, gurluşyk, senagat önümçiligi, nebit-gaz, poçta hyzmatlary we saglygy goraýyş pudaklary üçin niýetlenendir.