Honda Accord düýbünden täze keşbe eýe bolar: Awtoulagyň ilkinji suratlary peýda boldy

Şu gün, 18:401,485
1 / 3

Honda Hytaý bazaryna niýetlenen Accord sedany üçin düýpli täzelenme taýýarlaýar. Autohome tarapyndan çap edilen sertifikatlaşdyrma mahalynda düşürilen suratlardan çen tutsaň, awtoulagyň daşky görnüşi düýpli täzeden işlenip düzülipdir.

Esasan hem, üýtgeşmeler sedanyň öň tarapynda geçirilipdir. Accord indi kapotyň gyrasynda ýerleşýän inçe gündizki yşyklary bolan aýry faralar, uly howaçekerli täze bamper we has tekiz kapot bilen üpjün edildi. Yzky tarapda bamperiň aşaky bölegi we nyşanlaryň ýerleşişi üýtgedildi. Şeýle-de bolsa, kuzowynyň esasy ölçegleri saklanyp galdy.

Täze sedanyň uzynlygy 4986 mm, ini 1862 mm we beýikligi 1449 mm deň boldy. Tigir bazasy 2830 mm. Şonuň üçin awtoulag biraz gysgaldy, oklarynyň arasy bolsa üýtgewsiz galdy. Salondaky üýtgeşmeler barada heniz maglumat ýok.

Sertifikatlaşdyrma maglumatlaryna görä, täzelenen Accord gibrid güýç gurluşly 148 at güýjüne eýe bolan 2,0 litrlik atmosferaly hereketlendiriji bilen üpjün ediler. Awtoulagyň başga tehniki häsiýetnamalary entek belli däl.

Häzirki wagtda Hytaýdaky GAC we Honda bilelikdäki kärhanasy 192 at güýjüne eýe bolan 1,5 litrlik turbohereketlendirijili, üznüksiz üýtgeýän geçirijili we öň tigirleri hereketli awtoulaglary öndürýär. Öňki Accord hem 207 at güýjüne we 335 Nm aýlaw pursadyna eýe bolan gibrid hereketlendiriji bilen hödürlenýärdi.

Öňki gibrid wersiýanyň täzelenen sedanyň düzümine girjekdigi we modeliň täzelenenden soň başga nähili hereketlendirijiler bilen üpjün ediljekdigi häzirlikçe belli däl.