Volvo suwa batyp barýan ulagdaky ýolagçylary halas etjek ulgamy patentledi

Düýn, 18:454,797
1 / 3

Volvo kompaniýasy awtoulag suwa batyp barýan mahaly gapdal aýnalary awtomatiki usulda aşak düşürýän ulgam üçin patent aldy. Bu tehnologiýa sürüjiniň we ýolagçylaryň adatdan daşary ýagdaýda ulagdan çykyp ýetişmegine kömek etmek üçin niýetlenendir.

Ulgam ulagyň suwa batyp barýandygyny birnäçe alamatlara görä, şol sanda asma ulgamynyň doly ýeňlemegine we suwa degende daşky ultrases we radar sensorlarynyň işleýşinde näsazlyklaryň döremegine esaslanyp anyklaýar. Tötänden işläp başlamagynyň öňüni almak üçin, algoritm howpsuzlyk ýassygynyň giroskopyndan alnan maglumatlary hem seljerýär.

Aýnanyň saýlanyşy ulagyň ýerleşiş ýagdaýyna baglydyr, ýagny ulagyň sag tarapy suwa batyp barýan bolsa, ulgam beýleki tarapyň aýnasyny aşak düşürýär. Eger ulag agdarylyp, iki gapdal datçik hem suwuň aşagynda galan bolsa, onda iki gapdal aýna hem açylýar.

Mundan başga-da, awtoulag öz ýerleşýän koordinatalaryny, ýolagçylar baradaky maglumatlary we suwa batýandygy baradaky gyssagly çagyryş habaryny awtomatiki usulda biler. Habar ulagyň öz aragatnaşyk ulgamy ýa-da Bluetooth-a birikdirilen smartfon arkaly ugradylyp bilner.

Bu işläp taýýarlamanyň önümçilik modellerine haçan ornaşdyryljagy häzirlikçe belli däl.

Şeýle çözgütlere öň Toyota we Geely kompaniýalary tarapyndan hem seredilipdi. Emma Volvo-nyň işläp düzmesi suwa batmagyň alamatlaryny goşmaça anyklamak we ulagyň suwdaky ýagdaýyna esaslanyp, aýnany saýlamak funksiýalaryny öz içine alýar.

Bu funksiýanyň zerurlygy häzirki zaman ulaglarynyň aýratynlyklary bilen hem baglanyşyklydyr. Mysal üçin, Volvo EX90 elektrik krossoweri ses izolýasiýasyny üpjün edýän, ýöne adatdan daşary ýagdaýda daşyna çykmaga synanyşylanda uly päsgelçilik döredip biljek köp sanly datçikleri we laminirlenen gapdal aýnalary ulanýar.