Audi ekranyň ýanynda çekilýän düwme panelini patentledi

Şu gün, 12:35458
1 / 2

Audi kompaniýasy uly sensor displeýi düwmeler bilen utgaşdyrmagyň täze usulyny oýlap tapdy. Kompaniýa bu usuly patentlemek üçin Germaniýada degişli edara arzasyny berdi. Onda zerur bolanda öňe çykarylýan, ulanylmaýan wagty bolsa ýygnalýan düwmeler ulgamy teklip edilýär.

Ulanylmaýan ýagdaýynda düwmeler paneli sensor ekranyň aşaky gyrasynyň aňyrsyna ýygnanylýar. Şol bir wagtyň özünde, adaty tertipde displeýde wirtual düwmeleriň hatary görkezilýär. Audi bu hatary fiziki paneliň «sanly ekiztaýy» diýip atlandyrýar. Wirtual düwmelerde funksiýalaryň ýerleşişi hakyky düwmeleriň ýerleşişine gabat gelýär.

Paneli öňe çykarmak üçin sürüji ekranyň aşaky bölegindäki düwmeleriň hatarynyň merkezinde ýerleşýän, aşak gönükdirilen peýkam şekilli tegelek nyşana basmaly. Şondan soň wirtual düwmeler displeýiň ýüzünden aýrylýar, fiziki panel bolsa ekrana tarap çykýar. Paneliň özündäki tegelek düwmä basylanda, ol ýene-de öňki ýerine, ýörite boşluga girýär.

Ulgam awtomatiki usulda hem işläp bilýär. Mysal üçin, wideopleýer işledilende, ekranda has köp ýer boşatmak maksady bilen wirtual düwmeler gizlenip bilner. Şol bir wagtyň özünde, fiziki dolandyryş paneli elýeterli bolup galýar.

Şeýle-de patentde awtoulag uzak wagtlyk duralgadan soň otlananda paneliň awtomatiki öňe çykmagy, el bilen dolandyryş hem-de hereketler we ses buýruklary arkaly işjeňleşdirmek mümkinçilikleri göz öňünde tutulýar. Işläp düzüjileriň pikiriçe, wirtual düwmeleriň hemişelik hataryndan ýüz öwürmek arkaly ekranyň ölçegini birneme kiçeltmek we interfeýsi doly ekranly ýa-da bölekleýin görkeziliş tertiplerine uýgunlaşdyrmak bolar.

Bu işläp taýýarlama Audi kompaniýasynyň awtoulag salonlarynyň dizaýnyna çemeleşmesiniň üýtgemegi bilen baglanyşykly döredi. Kompaniýa ozal käbir modelleriniň ruluna fiziki aýlawly dolandyryş böleklerini gaýtaryp getiripdi. Onuň baş döredijilik direktory Massimo Fraskella bolsa aşa uly displeýleriň ulanylmagyna garşy çykyş edipdi. Audi kompaniýasynyň tehniki direktory Ruwen Mor hem geljekki modellerde has kiçi displeýleri we köp sanly dolandyryş düwmelerini göz öňünde tutýan adaty ergonomikany ulanmak meýliniň bardygyny gürrüň beripdi.