Genesis kompaniýasy Los-Anjelesde geçirilen awtoulag sergisinde G80 sedanynyň gibrid görnüşini tanyşdyrdy. Bu marka degişli sedan kysymly awtoulaglaryň arasynda täze nesil güýç ulgamy bilen enjamlaşdyrylan ilkinji modeldir. Bu barada Car and Driver neşiri habar berýär.
Öndürijiniň bellemegine görä, täze gibrid ulgam V6 hereketlendirijisiniň güýjüne deň kuwwaty üpjün edip, ýangyjyň sarp edilişini, takmynan, 30% azaldýar.
Gibrid ulgam 2,5 litrlik benzin hereketlendirijisinden, ýedi basgançakly geçiriş gutusyna birleşdirilen elektrik motoryndan we starter-generatordan ybarat. ABŞ bazary üçin niýetlenen görnüşiniň umumy kuwwaty 347 at güýjüne, aýlaw pursady bolsa 530 N/m deň bolar. Bu görkezijiler Genesis modellerinde ulanylýan 3,5 litrlik V6 hereketlendirijisiniň kuwwaty bilen deňdir.
Ulgam, şeýle-de suwuklyk bilen sowadylýan çekiji batareýany öz içine alýar. Ýöne öndüriji onuň sygymyny häzirlikçe mälim etmedi. Genesis kompaniýasynyň hasaplamalaryna görä, awtoulag, EPA ölçeg usuly boýunça, bir gezeklik ýangyç we batareýa ätiýaçlygy bilen 805 kilometrden gowrak aralygy geçip biler. Deslapky maglumatlardan çen tutsaň, täze model diňe yzky tigirleri hereketlendirýän görnüşde hödürlener.

Awtoulag energiýany gaýtadan toplamak mümkinçiligi kämilleşdirilen tormoz ulgamy we batareýanyň zarýadyny tygşytly ulanýan akylly dolandyryş tehnologiýasy bilen hem enjamlaşdyrylar. Bu tehnologiýa nawigasiýa ulgamyna girizilen ugra görä hereketlendirijiniň işini sazlap, energiýanyň sarp edilişini amatlylaşdyrýar. Mundan başga-da, model uýgunlaşdyrylan asma ulgamy we salonda ýerleşdirilen 27 dýuýmlyk ekran bilen üpjün ediler.
Awtoulagyň gibrid görnüşi özboluşly radiator gözenegi, aýratyn reňk görnüşleri we diametri 18–20 dýuým bolan täze dizaýnly diskleri bilen hem tapawutlanar.
Täze Genesis G80-iň satuwyna indiki ýyl başlanar. Awtoulagyň bahasy häzirlikçe belli däl.