Daşky görnüşi Jaguar Land Rover (JLR) konserniniň awtorlyk hukuklaryny bozýar diýen karara gelen Gaaganyň etrap kazyýeti Hytaýyň BYD kompaniýasyna Ti7 kysymly gibrid krossowerini Ýewropa Bileleşiginiň çäginde satmagy wagtlaýyn gadagan etdi. Kazyýetiň gelen netijesine görä, Ti7 kysymly ulagyň dizaýnynda, hakykatdan-da, Land Rover Defender modeline mahsus aýratynlyklar gaýtalanýar.
Dawa BYD-niň Beýik Britaniýadaky resmi saýtynda Ti7 ulagynyň satuwy yglan edilenden soň başlandy. Kompaniýa ulagyň ilkinji tapgyryny 2027-nji ýylyň ýanwarynda müşderilere ýetirmegi meýilleşdiripdi. Hytaýda bolsa bu model geçen ýyldan bäri FangChengBao Ti7 ady bilen satylýar.

Awtomobil bilermenleriniň we ýörite neşirleriň bellemegine görä, iki modeliň meňzeşligi, esasan, olaryň geometrik şekilinde, tekiz üçeginde, dik ölçegli kuzowynda, bagaž bölüminiň gapysynyň gurluşynda, dörtburç tigir arkalarynda hem-de yzky ýolagçy gapylarynyň aňrysyndaky kuzow bilen bir reňkdäki ýapyk panelinde ýüze çykýar.

Bu gadaganlyk bir hepdeden güýje girer. Awtordaşlyk hukuklary baradaky esasy kazyýet işi tamamlanýança, BYD kompaniýasyna Ti7 ulagyny Wengriýadaky täze zawodynda öndürmek hem gadagan edildi. Kompaniýa bu modeliň köpçülikleýin önümçiligini 2027-nji ýylyň başyna niýetläpdi. Şol bir wagtyň özünde, kazyýetiň bu kararynyň BYD-niň Beýik Britaniýadaky şahamçasyna degişli däldigi bellenildi.
BYD-niň wekilleri hem öz gezeginde Ti7 modeliniň dizaýnynyň özbaşdak işlenip taýýarlanylandygyny we JLR konserniniň hukuklaryny bozmaýandygyny tekrarlady. Şeýle-de kompaniýa kazyýetiň gelen karary bilen düýbünden ylalaşmaýandygyny we oňa garşy şikaýat etjekdigini belledi.
Mundan öň, noýabr aýynda Gaaganyň şol kazyýeti BYD-niň Ýewropadaky edaralarynda geçirilen barlag wagtynda alnan ähli subutnamalaryň kazyýet işinde ulanylmaly däldigi we ýok edilmelidigi barada hem karar çykarypdy.
Bu kazyýet işiniň netijesi BYD kompaniýasynyň Ýewropa bazaryndaky geljekki meýilnamalaryna täsir edip biler. 2026-njy ýylyň ilkinji dokuz aýynda kompaniýanyň sebitdäki awtoulag satuwy iki esseden gowrak artyp, 280 müňden geçdi. Şeýlelikde, BYD satuw möçberi boýunça Ford, Tesla we Nissan kompaniýalaryndan öňe geçmegi başardy.