Lamborghini kompaniýasy Temerario gibrid superkarynyň üsti açylýan täze görnüşini resmi taýdan tanyşdyrdy. Temerario Spyder diýlip atlandyrylan täze model elektrik hereketlendirijisi arkaly dolandyrylýan bükülýän gaty üçek bilen enjamlaşdyryldy.
Üçek iki bölekden ybarat bolup, kürsüleriň aňyrsynda dik ýagdaýda bükülýär. Bu amaly on sany elektrik hereketlendiriji mehanizminiň kömegi bilen 50 km/sag tizlige çenli hereket edip barýan awtoulagda hem bary-ýogy 17 sekuntda açyp-ýapyp bolýar. Şeýle gurluş awtoulagyň agyrlyk merkeziniň pes bolmagyny üpjün edýär we üçek açyk ýa-da ýapyk ýagdaýda bolanda hem onuň deňagramlylygyna üýtgeşik täsir edip durmaýar.
Sürüjiniň we ýolagçynyň rahatlygy üçin kürsüleriň arka bölegine eginlere we boýna ýyly howa akymyny gönükdirýän ýörite ulgam goýlan. Şeýle-de awtoulagyň kuzowynyň berkligini ýokarlandyrmak maksady bilen goşmaça alýumin karkasy berkidildi. Hususan-da, kürsüleriň aňyrsyndaky we üçegiň berkidilýän ýerlerindäki gurluşlar güýçlendirildi. Lamborghini kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, Temerario Spyder-iň kuzowynyň towlanma garşy berkligi, öňki Huracan Spyder modeli bilen deňeşdirilende, 6% ýokarydyr.
Superkar 4,0 litrlik gibrid güýç ulgamyna esaslanýan iki sany turboüfleýjili V8 hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyryldy. Ol hem öz gezeginde iki sany elektromotor we doly herekete getiriji ulgam bilen utgaşýar. Güýç gurluşynyň umumy kuwwaty 920 at güýjüne, iň ýokary aýlaw pursady bolsa 800 Nm deňdir. Hereketlendiriji iki sany muftaly, sekiz basgançakly robotlaşdyrylan geçiriji gutusy bilen işleýär.

Temerario Spyder 0-dan 100 km/sag tizlige bary-ýogy 2,8 sekuntda ýetýär. Awtoulagyň iň ýokary tizligi sagatda 340 kilometre deňdir. Deňeşdirip aýtsak, modeliň kupe görnüşi 100 km/sag tizlige 0,1 sekunt çalt ýetýär.
Açyk görnüşli superkar 20 ýa-da 21 dýuýmlyk tigir diskleri, karbon-keramiki tormoz ulgamy we Bridgestone kompaniýasynyň dürli görnüşli tekerleri bilen üpjün ediler. Olaryň hatarynda gyşky tekerler hem bar.
Müşderiler üçin awtoulagy öz isleglerine görä bezemäge mümkinçilik berýän Ad Personam maksatnamasy hem elýeterli bolar. Bu maksatnamanyň esasynda kuzowyň reňkini, takmynan, 400 dürli öwüşginiň arasyndan saýlap, içki bezeginiň dürli görnüşlerini sargyt edip bolýar.
Lamborghini Temerario Spyder-iň başlangyç bahasy 390,9 müň ABŞ dollaryndan başlaýar. Täze supercar öz eýelerine 2027-nji ýylyň ýaz paslynda gowşar.