Hakerler iň iri açar sözüni dolandyryjylaryň biri bolan 1Password ulgamyny döwdüler

Düýn, 16:302,956

1Password açar sözüni dolandyryjyny işläp düzen kompaniýa kiberhüjüme sezewar bolandygyny habar berdi.

Kompaniýanyň maglumatyna görä, hüjüm 19-njy noýabrda ýüze çykaryldy. Haker işgärleriň biriniň GitHub-daky korporatiw hasabyna girmegi başardy. Şol hasabyň kömegi bilen kompaniýanyň içerki hyzmatlaryna zyýanly kod ýerleşdirildi.

Netijede, 1Password-yň käbir müşderileri baradaky maglumatlar, şol sanda olaryň atlary we hasaplaryna girmek üçin ulanýan elektron poçta salgylary ogurlandy.

Kompaniýa müşderileriň açar sözüni saklaýan ammarlara girilmändigini aýratyn nygtady. 1Password ulanyjylaryň açar sözleriniň we gizlin açarlarynyň özleri üçin hem elýeterli däldigini belläp geçýär.

Kiberhüjümden näçe ulanyjynyň zyýan çekendigi barada kompaniýa maglumat bermedi. Şeýle-de hüjüm sebäpli ulanyjylara hiç hili täzelenme geçirmegiň zerurlygynyň ýokdugy aýdyldy. Muňa garamazdan, olara 1Password bilen baglanyşykly fişing hatlaryndan ägä bolmak maslahat berilýär.