Toyota Land Cruiser-iň ýörite ýolsuzlyk görnüşi çykaryldy

Şu gün, 21:00468
1 / 3

Ýaponiýanyň Kuhl atelýesi kiçi Toyota Land Cruiser FJ ýolsuzlyk ulagy üçin týuning maksatnamasyny yglan etdi. Model üçin ýolsuzlyk mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak we daşky görnüşini üýtgetmek boýunça iki bukja işlenip düzüldi.

Başlangyç bukjanyň bahasy 581,000 iýen (takmynan, 3600 dollar), iň ýokary bukjanyň bahasy bolsa 1 million iýen (takmynan, 6300 dollar) durýar. Iki görnüşde hem göteriji aralyk ulgam, 18 dýuýmlyk Verz-Wheels Kross VK01 diskleri we böwürleri Dunlop Grandtrek RT01 ýazgyly ýolsuzlyk üçin niýetlenen tekerler ulanylýar.

Has gymmat wersiýa üçin atelýe polat görnüşindäki dizaýnly täze öň we yzky bamperleri hem taýýarlady. Kuhl geljekde 20 we 22 dýuýmlyk tigirleri hödürlemegi meýilleşdirýär.

Şeýle-de goşmaça LED yşyklandyryş panelini, üçek spoýlerini we dört sany turbaly gazçykar ulgamyny hem sargyt etmek bolar. Mundan başga-da, Kuhl sazlap bolýan asma ulgamyny, güýçlendirilen tormozlary we standart hereketlendiriji üçin mehaniki howa gysyjyny işläp düzýär. Geljekki aksesuarlaryň arasynda üçekde ýerleşdirilýän bagaž bölümi, ätiýaçlyk tigri üçin niýetlenilen yzgi gysdyrgyç we kürsüler üçin ýörite örtükler bar.

Toyota Land Cruiser FJ Ýaponiýanyň bazaryna ýazda çykdy. Ol 163 at güýjüne we 246 Nm çekijilige eýe bolan 2,7 litrlik atmosferaly benzin hereketlendirijisi, 6 tizlikli Super ECT awtomatiki geçirijisi we Part-Time doly hereketlendiriji ulgamy bilen hödürlenýär.

Ýaponiýada standart Land Cruiser FJ-niň bahasy 4,5 million iýenden (takmynan, 28 200 dollar), esasy sazlama toplumylysy 4,95 million iýenden (takmynan, 31,100 dollar), doly sazlamaly wersiýasy bolsa azyndan 5,25 million iýenden (takmynan, 33,000 dollar) başlaýar.