«Türkmentelekom» EAK tejribeli hünärmenlere iş hödürleýär

27.04.2020, 09:5710,744

«Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kärhanasy birnäçe boş iş orunlaryny hödürleýär. Hususan-da,

- Ulgam administrator hünärmeni.

Bildirilýän talaplar: bilimi (Ubuntu Server, Centos, Windows 2003/2008/2012 Server) VMware wirtualizasiýa ulgamynda administrirlemek tejribesi; Ätiýaç nusgalarynyň ulgamyny administrirlemek tejribesi; Aparat üpçünjiligi bilen işlemek tejribesi (IBM, HP, Intel, Cisco, Supermicro); Tor enjamlary bilen işlemek tejribesi, torlaryň bölünen görnüşini gurnamak tejribesi.

- Programmist. 

Bildirilýän talaplar: Programmist/mobil goşundylaryň programmaçysy

IOS we Android üçin mobil goşundylaryň programmaçysy

Programmirleme dileriniň bilimi (SQL, Java, Swift);

Android Studio we Xcode bilen işlemek ukuby

- Tor administratory.

Bildirilýän talaplar: CCNA ýa-da ýokary derejede tor tehnologiýary bilen işlemek tejribesi; TCP/IP protokol derejesinde torlaryň gurnamagyň bilimi; Tor enjamlary bilen işlemek tejribesi (kommutator, marşrutizator); Monitoring ulgamy bilen işlemek tejribesi (Cacti, Nagios, PRTG Network Monitor, Zabbix).

Goşmaça maglumaty hem-de bellenilen iş orunlary üçin anketalary «Türkmentelekom» EAK-nyň resmi saýtyndan alyp bilersiňiz.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.