Smartfon doly zarýad alyp bilmese näme etmeli?

04.08.2020, 23:0418,632

Smartfonyň doly zarýad alyp bilmän, takmynan, 70-80% -e ýetip saklanmagy enjamyň ýa-da kuwwat beriji simiň kemçilikleri, şeýle hem operasion ulgamyndaky kemçilikler bilen baglanyşyklydyr. Muny özbaşdak hem anyklap bolýar, ýöne, adatça, ony bejerýän ýörite hünärmenler bar - diýip, "Sanly platformalar" ANO-nyň (özbaşdak telekeçilik bolmadyk gurama) baş müdiri Arseniý Şeltsin "Praým" agentligine aýtdy. Muny Ria Nowosti ýetirýär.

"Gadjetiňiz zarýad almasa, onuň birnäçe sebäpleri bolup bilýär. Şolaryň iň ýörgünlisi — simiň döwük bolmagy. Telefonyň kuwwat beriş siminiň ömri, adatça, telefonyň öz ömründen has gysga bolýar. Sebäbi simiň döwülmegi mümkin, wilkanyň, platanyň ýa-da birikdirijiniň zaýalanmagy mümkin" - diýip, ol belleýär.

Onuň sözlerine görä, şol bir sim bir gadjete kuwwat berip, beýlekisine bolsa bermän bilýär.

Şeýle hem şulary okap bilersiňiz:

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.