Bir minutda uklamaga kömek edýän usul

01.03.2021, 22:5244,795

Arizona uniwersitetiniň lukmany Endrýu Weil bir minutda uklamaga kömek edýän usul barada gürrüň berdi. Bu barada ferra.ru habar berdi.

Şeýlelik bilen, bir minutda uklamak üçin "4-7-8" atly dem alyş usulyny ulanmaly. Bu usul aňsatlyk bilen özleşdirilýär hem-de hiç hili goşmaça okuw talap etmeýär.

“Burnuňyzdan dört sekuntlap ​​ýuwaş-ýuwaşdan dem almaly, soňra demiňizi ýedi sekunt saklamaly we sekiz sekuntlap ýuwaşlyk bilen goýbermeli. Soňam şeýle yzygiderliligi uklaýançaňyz gaýtalamaly"-diýip, lukman maslahat berýär. Şeýle hem ol bu usulyň stresden gutulmak üçin peýdalydygyny belleýär.

Lukman 60 sekuntlyk usulyň takyk işlemegi üçin ýatmazdan ozal kofein içgileriniň sarp edilmegini çäklendirmelidigini aýtdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.